Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly-dra­ma te­at­ryn­da ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 28 ýyl­ly­gy, şeý­le-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Aşyr Ho­ja­to­wyň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň sim­fo­ni­ki or­kest­ri­niň kon­ser­ti ge­çi­ril­di.
Kon­sert Dur­dy­mu­ham­met Gur­ba­no­wyň, Baý­ram Hu­daý­na­za­ro­wyň sa­zy­na dö­re­di­len «Goý, aý­dyl­syn Bi­ta­rap­lyk aý­dy­my» at­ly aý­dym bi­len açyl­dy. Ony sim­fo­ni­ki or­kestr we so­lo aý­dym­çy­la­ry – Röw­şen Baý­ra­mow we Ar­zy­gül Gy­ly­jo­wa ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler.
Aý­dym-saz­ly da­ba­ra­nyň me­ýil­na­ma­syn­da: «Leý­li we Mej­nun», «Gö­rog­ly» ope­ra­la­ryn­dan ari­ýa­lar, Aman Aga­jy­kow ta­ra­pyn­dan tä­ze­den iş­le­nen «Şi­rin-Şe­ker», «Dur­dy bag­şy» türk­men halk saz­la­ry, «Mag­tym­gu­ly» fil­mi üçin Nu­ry Hal­mäm­me­do­wyň dö­re­den «Hü­jüm» at­ly sa­zy, sim­fo­ni­ki eser­ler­den bö­lek­ler – Nu­ry Hal­mäm­me­do­wyň «Türk­me­nis­tan», Aman Aga­jy­ko­wyň «Ga­ra­gum», We­li Ah­me­do­wyň «Türk­me­niň» ýa­ly dür­li eser­ler bar­dyr.
Da­ba­ra­nyň çä­gin­de Su­han Tüý­li­ýe­wiň Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň söz­le­ri­ne dö­re­di­len «Dün­ýä heý» aý­dy­my Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Ata­gel­di Gar­ýag­dy­ýew ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di.
Aý­dym-saz­ly da­ba­ra Su­han Tüý­li­ýe­wiň sa­zy­na, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň söz­le­ri­ne dö­re­di­len «Türk­men bi­na­sy» at­ly aý­dym bi­len jem­len­di. Aý­dym Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň ho­ry bi­len sim­fo­ni­ki or­kestr ta­ra­pyn­dan da­ba­ra­ly ýag­daý­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di.