10-njy dekabrda Argentinanyň täze saýlanan Prezidenti Hawýer Mileý ýurduň parlamentiniň agzalarynyň öňünde kasam etdi. Dabara göni ýaýlymda görkezildi.

Täze döwlet Baştutany, hünäri boýunça ykdysatçy, hökümetiniň kadadan artyk inflýasiýanyň öňüni almak üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny aýtdy.

Noýabr aýynda geçirilen Prezident saýlawlarynda Hawýer Mileý ýeňiş gazandy.

Ilaty 45 milliondan geçýän Argentina dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň hataryna girýär. Günorta Amerika yklymynyň günorta-gündogarynda ýerleşýän bu ýurt Günbatarda Çili, demirgazykda Boliwaiýa we Paragwaý, demirgazyk-gündogarda bolsa, Braziliýa we Urugwaý bilen araçäkleşýär.