Şu gün­ler Ka­ta­ryň Do­ha şä­he­rin­de agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça “Gran-Pri II” ýa­ry­şy ge­çi­ril­ýär. Hal­ka­ra Agyr at­le­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň gu­ra­ýan bu ýa­ry­şy­na türk­men tür­gen­le­ri hem gat­naş­ýar.
2024-nji ýyl­da Pa­riž şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän bu ýa­ry­şa 70 döw­let­den 500 tür­gen gat­naş­ýar.
Türk­me­nis­tan­ly agyr at­le­ti­ka­çy Gaý­gy­syz Tö­rä­ýew öz ag­ram de­re­je­sin­de çy­kyş edip, bü­rünç me­da­lyň eýe­si bol­dy. Ol bu ýa­ryş­da 150 kg we 188 kg, umu­my­lyk­da bol­sa, 338 kg ag­ra­my gal­dy­ryp, baý­rak­ly or­ny eýe­le­me­gi ba­şar­dy.
Ozal Mek­si­ka­da ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­na­tyn­da Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by Gaý­gy­syz Tö­rä­ýew kü­müş me­da­lyň eýe­si bo­lup­dy.
Bu ge­zek­ki Ka­tar­da­ky ýa­ryş­da al­tyn me­da­ly De­mir­ga­zyk Ko­re­ýa­dan Ri Çon Song, kü­müş me­da­ly bol­sa, In­do­ne­zi­ýa­dan Er­win Ab­dul­la ga­zan­dy.
Şeý­le hem Ka­tar­da­ky ýa­ry­şa türk­men tür­gen­le­ri­niň 13-nji gat­naş­ýar. Ola­ryň ara­syn­da Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da kü­müş me­dal ga­za­nan Po­li­na Gur­ýe­wa hem bar.