Miçigan kölüniň suwuna şöhle saçýan beýik binalary bilen görenleri haýrana goýýan Çikago Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iň owadan we ösen şäherleriniň biridir. Tutýan meýdany 600 inedördül kilometr bolan metropolda 3 milliona golaý ilat ýaşaýar. Illinoýs ştatynyň iň köp ilatly şäheri we ABŞ-da iň köp ilatly üçünji şäher derejesini saklaýan Çikagonyň esasy ilatyny amerikanlar, afroamerikanlar, ispanlar we aziýalylar emele getirýär.
«Şemally şäher» ady bilen tanalýan Çikago ýurduň iň uly kölleriniň biri bolan Miçigan kölüniň günorta-günbatar kenarynda ýerleşýär. Şäheriň howasy jana şypaly bolup, maşk ýa-da gezelenç etmek üçin ýaramly hasaplanýar. Deňiz derejesinden 179 metr belentlikde ýerleşýän «şemally şäheriň» merkezinden Çikago derýasy akyp geçýär. Derýanyň ugrunda 38 sany köpri bolup, gije-gündiz suw ulaglary hereket edýär. Suw ulaglarynyň aglaba bölegi syýahatçylyk gämileri bolup, şäheriň binagärlik gurluşy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Şäherde plýažlar, kenarýaka dynç alyş merkezleri, seýilgähler we welosiped ýodalary örän köp.
Bulutlaryň arasyndan görünýän Çikagodaky binalar belentligi we kaşaňlygy bilen tapawutlanyp, täsin şäher gurluşygyny emele getirýär. Çikagodaky iň beýik bina Willis diňi bolup, beýikligi 442 metre ýetýär. Ondan soňra Tramp halkara myhmanhanasy we diňi
(423 metr), Sankt-Regisdäki kabulhana binasy (365 metr), Aon merkezi (346 metr), Franklin merkezi (307 metr), Prudenşal Plaza 2 (303 metr) we Akwa binasy (262 metr) gelýär. Çikagonyň meşhur binalarynyň hatarynda «Bulut derwezesi» diýlip atlandyrylýan «Cloud Gate» bolup, bu heýkel şäheriň nusgawy binagärligi bilen häzirki zaman sungatyny birleşdirýär.
XX asyryň başynda Çikago göçüp baran afroamerikalylar delta blýuz sazyny getirip, elektrik saz gurallary bilen birleşdirýärler. Şeýlelikde, «Çikago-blýuz» ady bilen tanalýan güýçli we täsirli aýdym-saz stili döredilýär. Aýdym-sazyň bu žanry häzirki wagtda meşhur bolup,
Çikagoda ýygy-ýygydan konsertler guralýar.
Müňýyllyk seýilgähi Çikagonyň iň esasy syýahatçylyk merkezi bolup, Çikago sungat muzeýi, Willis diňi, Tebigat taryhy muzeýi, Şedda akwariumy, «Navy Pier» söwda we dynç alyş merkezi, Linkoln seýilgähi şäheriň iň meşhur ýerleri hasaplanýar. Çikago her ýyl
55 million syýahatçy barýar.
PDF








