Ýaponiýanyň paýtagtyndan gündogardaky Tiba prefekturasyna rekord derejede ygal düşdi. Tebigy hadysanyň netijesinde dört adam gurban boldy diýip, ýerli NHK teleradiokompaniýasy habar berdi.
Güýçli ýagyş 13-nji awgust agşamy başlandy. Prefekturanyň paýtagt şäheri Tibada 12 sagadyň dowamynda 348 mm ygal düşdi, bu synlamalaryň tutuş taryhynda iň ýokary görkezijidir hem-de awgust aýy üçin ortaça kadadan üç esse köpdür. Netijede, onlarça binalary suw basdy, dört adam ýeňil şikes aldy. Bir adam dereksiz ýitdi, ýene biriniň saglygy agyr ýagdaýda diýlip, habarda bellenýär.
Çabga Ýaponiýada görülmedik yssy howanyň yzysüre geldi. Ýurtda 6-njy iýuldan 12-nji iýul aralygynda 4580 adam gün urmadan ejir çekip, hassahana ýerleşdirildi. Nagano, Simane, Nagasaki, Oita we Okinawa prefekturalarynda ýedi adam yssy howa sebäpli pida boldy.
PDF








