Dünýä Kubogyny şowsuz tamamlan Niderlandlaryň ýygyndysynda tälimçi Ronald Kuman wezipesini taşlapdy. Niderlandlaryň futbol federasiýasy golaýda milli toparyň täze tälimçisini mälim etdi. Ispaniýaly Hawi Hernandes Niderlandlaryň milli ýygyndysynyň täze tälimçisi diýlip bellendi. 46 ýaşyndaky tälimçi bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşyldy.
Hawi Niderlandlaryň ýygyndysyna 1978-nji ýyldan bäri tälim berjek ilkinji daşary ýurtly hünärmen bolar. Pyrtykal reňklileri soň gezek daşary ýurtly hünärmenlerden awstriýaly meşhur tälimçi Ernst Happel türgenleşdiripdi. Niderlandlar onuň tälimçiliginde Dünýä Kubogynda finala çykypdy.
Hawi Hernandes tälimçilik karýerasyna Kataryň “Al-Sadd” toparynda başlap, 2021-2024-nji ýyllar aralygynda “Barselonanyň” tälimçisi bolupdy. Ol hem “Al-Sadd” toparyny, hem-de “Barselonany” milli ligalarynda çempion edipdi.
PDF








