Hä­zir­ki wagt­da “Ýaş ta­lyp ze­nan li­der­ler üçin ABŞ-ny öw­re­niş ins­ti­tut­la­ry (SU­SI)” mak­sat­na­ma­sy “Daş­ky gur­şaw me­se­le­le­ri” bo­ýun­ça 2024-nji ýyl üçin an­ke­ta­la­ry ka­bul edip baş­la­dy. Bu bäş hep­de­lik mak­sat­na­ma 2024-nji ýy­lyň iýun aýyn­da baş­lar; eger şert­ler mak­sat­na­ma­nyň ada­ty gör­nüş­de ge­çi­ril­me­gi­ne ýol ber­me­se, mak­sat­na­ma wir­tu­al for­mat­da ge­çi­ri­ler. An­ke­ta­la­ry tab­şyr­ma­gyň iň soň­ky gü­ni 2023-nji ýy­lyň 18-nji de­kab­ry.
Mak­sat­na­ma­nyň be­ýa­ny
“Ýaş ta­lyp ze­nan li­der­ler üçin ABŞ-ny öw­re­niş ins­ti­tut­la­ry (SU­SI)” mak­sat­na­ma­sy güýç­li dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýan gys­ga-möh­let­le­ýin okuw mak­sat­na­ma­sy bo­lup, onuň mak­sa­dy Ýo­ka­ry okuw jaý­la­ry­nyň ta­lyp­la­ry­na ABŞ ba­ra­da çuň­ňur dü­şün­je ber­mek­den we şol bir wag­tyň özün­de ola­ryň do­lan­dy­ry­jy­lyk ukyp­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek­den yba­rat­dyr. Bu mak­sat­na­ma gat­na­şy­jy­la­ryň li­der­lik ukyp­la­ry­ny ös­dür­mek bi­len bir ha­tar­da ABŞ-nyň ta­ry­hy, hö­kü­me­ti, jem­gy­ýe­ti we me­de­ni­ýe­ti ba­ra­da­ky bi­lim­le­ri­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam eder. Mak­sat­na­ma hö­kü­met sy­ýa­sat­la­ry­nyň, iş tej­ri­be­si­niň we dur­muş-me­de­ni ka­da­la­ry­nyň daş­ky gur­şaw me­se­le­le­ri­niň ob­ýek­ti­wi­niň üs­ti bi­len aýal-gyz­la­ra ed­ýän tä­si­ri­ni öw­re­ner. Şeý­le hem, “SU­SI” mak­sat­na­ma­sy gat­na­şy­jy­la­ra ABŞ-nyň we dün­ýä­dä­ki aýal-gyz­la­ryň döw­re­bap me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin müm­kin­çi­lik­ler dö­re­der. Bu me­se­le­le­re aýal-gyz­la­ryň ýol­baş­çy­ly­gy üçin öňe gi­diş­lik­ler we müm­kin­çi­lik­ler, aýal-gyz­la­ra gar­şy zor­lu­ga gar­şy gö­reş­mek, gir­de­ji­ler­dä­ki deň­siz­li­gi ara alyp mas­la­hat­laş­mak we iş ýer­le­rin­de aýal-gyz­lar üçin beý­le­ki kyn­çy­lyk­lar, aýal­la­ryň sag­ly­gy­na de­giş­li me­se­le­ler we aýal­la­ryň bü­tin­dün­ýä pa­ra­hat­çy­ly­gy­na, howp­suz­ly­ga we dur­nuk­ly­ly­ga go­şup bil­jek go­şant­la­ry­nyň ugur­la­ry gir­ýär.
Mak­sat­na­ma gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li çyk­da­jy­la­ry­ny, ýag­ny wi­za, hal­ka­ra we içer­ki sy­ýa­hat, ýe­rüs­ti gat­naw, ki­tap­lar üçin, me­de­ni çä­re­le­re gat­naş­mak üçin we tö­tän­le­ýin çyk­da­jy­la­ry, ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň tö­leg­le­ri­ni we iý­mit bi­len bag­ly çyk­da­jy­la­ryň äh­li­si­ni öz üs­tü­ne al­ýar. Gat­na­şan­la­ryň hem­me­si­ne mak­sat­na­ma­nyň do­wam­ly­ly­gy üçin luk­man­çy­lyk äti­ýaç­lan­dy­ry­şy­ny be­ri­ler.
Da­laş­gär­le­re bil­di­ril­ýän ta­lap­lar:
Mak­sat­na­ma 18-25 ýaş ara­ly­gyn­da­ky di­ňe ze­nan ta­lyp­lar üçin ni­ýet­le­nen.
Iň­lis di­li­ni bil­mek – mak­sat­na­ma­nyň do­wa­myn­da ter­ji­me üp­jün edil­me­ýär. Gat­na­şy­jy­lar iň­lis di­li­ni su­wa­ra bil­me­li.
Mak­sat­na­ma Ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de okuw­la­ry­ny ta­mam­la­ma­ga azyn­dan ýa­rym ýyl wagt ga­lan ta­lyp­lar gat­na­şyp bi­ler­ler.
Okuw­la­ry­na ýe­ti­şi­gi ýo­ka­ry bol­ma­ly- ba­ha­la­ryň gö­çür­me­si­ni we mu­gal­lym­la­ryň hä­si­ýet­na­ma­la­ry­ny tab­şyr­ma­ly.
Da­laş­gär­le­riň ABŞ-da ýa-da öz ýur­du­nyň da­şyn­da az tej­ri­be­si ýa-da hiç hi­li tej­ri­be­si bol­ma­ly däl­dir.
An­ke­ta­ny nä­dip tab­şyr­ma­ly:
An­ke­ta­la­ry MS Word for­ma­tyn­da (DOC 49 KB) şu link­den ýük­läp ýa-da, Ash­ga­ba­tE­ducation@sta­te.gov sal­gy­sy­na elekt­ron poç­ta ar­ka­ly ýüz tu­tup alyp bi­ler­si­ňiz. Dol­du­ry­lan an­ke­ta­lar 2023-nji ýy­lyň 18-nji de­kab­ry­na çen­li ýo­kar­da gör­ke­zi­len elekt­ron poç­ta ibe­ril­me­li­dir.
Duý­du­ryş: An­ke­ta­lar di­ňe elekt­ron poç­ta ar­ka­ly ka­bul edil­ýär.
So­rag­lar:
Äh­li so­rag­la­ry­ňy­zy Ash­ga­ba­tE­ducation@sta­te.gov elekt­ron poç­ta­sy­na ug­ra­dyp jo­gap alyp bi­ler­si­ňiz.