Budapeşt şäherindäki rus-wenger gepleşikleriniň esasy gün tertibini ikitaraplaýyn ykdysady meseleler düzdi. Şonuň çäklerinde taraplar elektrik energiýasy, söwda we beýleki ugurlardaky ikitaraplaýyn maýa goýum taslamalary boýunça pikir alyşdylar. Bu ugurda “Pakş” atom elektrik bekediniň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berildi. Rus tarapynyň gatnaşmagynda guruljak desga ýurduň elektrik energiýa üpjünçiligini has-da gowulandyrar. Irki döwürlerden bäri, hereket edýän bu elektrik bekedi 1974-1987-nji ýyllar aralygynda guruldy. Ol ýurduň elektrik togunyň 40 göterimini üpjün edýär. Häzirki wagtda bu desganyň kuwwatlylygyny artdyrmak maksady bilen ýene-de 2 blogyň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Russiýa bu taslamanyň gurluşygy üçin Wengriýa 10 milliard ýewro möçberinde karz bermegi meýilleşdirýär. Desganyň umumy işiniň bahasy 12,5 milliard ýewro deň bolar. Onuň gurluşygyna 2018-nji ýylda girişmek meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, gepleşikleriň dowamynda tebigy gaz ugry babatda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýerde “Türk akymy” taslamasynyň gurluşygynyň birnäçe ugurlar boýunça dowam etdirilmegi babatda pikir alşyldy. Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy şu ýylyň 7-nji maýynda “Türk akymy” gaz geçirijisiniň gurluşygyna girişdi. Taslama boýunça her biri 15,75 milliard kubometr tebigy gazy ibermäge mümkinçiligi bolan gaz geçirijisiniň 2 şahasy gurlar. Birinji şaha boýunça Türkiýä, ikinji şaha boýunça Günorta we Günorta-Gündogar Ýewropa ýurtlaryna tebigy gaz iberiler.
Russiýanyň Prezidenti Wengriýa saparynyň çäklerinde dzýudo boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşdy. Bu halkara ýaryş 28-nji awgustda başlady we 3-nji sentýabra çenli dowam eder.