Emeli aň ýakyn bäş ýylda adam beýnisiniň ösüş derejesine ýetip biler diýip, Amerikanyň wideo kartyny işläp düzen “Nvidia” kompaniýasynyň başlygy Jensen Huang “New York Times” neşiri tarapyndan gurnalan maslahatda aýtdy.
Maslahatyň dowamynda alyp baryjy kompaniýanyň ýolbaşçysyndan ýakyn 5-10 ýylda umumy emeli aňyň (AGI) ösdürilmegine garaşylyp, garaşylmaýandygyny sorady.
-Eger-de umumy emeli aňy programma üpjünçiligi hökmünde kesgitlesek, onda geljekki bäş ýylda adam beýnisi ýaly işleri ýerine ýetirip biljek emeli aňy görjekdigimize ynanýaryn – diýip Jensen belledi.
Maslahatyň dowamynda Huang ABŞ-nyň import edýän çip önümçiligine, azyndan, 10 ýa-da 20 ýyl garaşlylygyny ýeňip geçip biljekdigini aýtdy. Çip üpjünçiligi meselesinde garaşsyzlygy gazanmak üçin, takmynan, 10 ýa-da 20 ýyl gerek bolar – diýip, Huang aýtdy.
Mundan ozal Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy adamzadyň özbaşdaklygyny we jemgyýetiň saglygyny goramak maksady bilen “ChatGPT” ýaly emeli aň ulanylanda adamzady seresap bolmaga çagyrdy. Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň (ITU) Baş sekretary Dorin Bogdan-Martin iýul aýynda emeli aň boýunça gözegçilik edip bolmaýan ösüşiň dünýäni sosial bozulmalara, geosyýasy durnuksyzlyga we ykdysady deňsizlige sebäp bolup biljekdigini aýtdy.