15-nji de­kabr­da Ar­ka­dag şä­her Söw­da top­lu­my­nyň «Ar­zuw» toý me­ka­nyn­da «Ýy­lyň par­lak ýyl­dy­zy — 2023» bäs­le­şi­giň jem­leý­ji tap­gy­ry ge­çi­ri­ler.
Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň, Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň hem-de Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da ýur­du­my­zyň ýaş est­ra­da aý­dym­çy ýaş­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän bäs­le­şi­giň Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da ge­çi­ril­jek jem­leý­ji tap­gy­ry­na ýaş est­ra­da aý­dym­çy­la­ryň 10-sy gat­na­şar.
Ýy­lyň do­wa­myn­da emin­ler to­pa­ry­nyň hem-de «Türk­men owa­zy» te­le­ra­dio­ýaý­ly­myn­da, «Owaz» ra­dio­ýaý­ly­myn­da halk köp­çü­li­gin­den köp SMS ha­bar­na­ma­sy ge­len aý­dym­çy­la­ryň 10-sy­nyň at­la­ry yg­lan edil­di. Tä­ze ýyl baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­ýän bäs­le­şi­giň jem­leý­ji tap­gy­ryn­da ýaş est­ra­da aý­dym­çy­lar Per­hat Örä­ýew, Şat­lyk Gur­ban­na­za­row, Leý­li Mäm­me­do­wa, Ba­har An­na­ýe­wa, Ba­tyr Mu­ham­me­dow, An­na­ber­di Oraz­mäm­me­dow, Aý­je­mal Ju­ma­ny­ýa­zo­wa, Han Päl­wa­now, Sel­bi Ka­ka­no­wa, şeý­le-de Ýe­gen­my­rat Ýe­ge­now da­gy çy­kyş edip, öz ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­ke­zer­ler.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­di­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da my­na­syp do­wam et­di­ril­ýän «Ýy­lyň par­lak ýyl­dy­zy» bäs­le­şi­gi ze­hin­li aý­dym­çy­la­ryň ara­syn­da ýyl­dyz aý­dym­çy­ny ýü­ze çy­kar­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan aý­dym-saz bäs­le­şi­gi­dir.
Bu bäs­le­şik her ýyl asyl­ly dä­be eýe bo­lup, Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da şat­lyk-şow­hu­na bes­le­nip ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­myz­da hä­zir­ki gü­ne çen­li dür­li ýyl­lar­da «Ýy­lyň par­lak ýyl­dy­zy» ady­na eýe bo­lan aý­dym­çy­la­ryň ara­syn­da köp­san­ly­sy Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti, Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti di­ýen hor­mat­ly at­la­ra my­na­syp bol­du­lar.
Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da ge­çi­ril­ýän «Ýy­lyň par­lak ýyl­dy­zy — 2023» ady­na haý­sy aý­dym­çy my­na­syp bo­lar. El­bet­de bu so­wa­lyň jo­ga­by köp­le­ri gy­zyk­lan­dyr­ýar. Türk­me­nis­tan­da ýo­la goý­lan san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri esa­syn­da il­deş­le­ri­miz öz­le­ri­niň söý­gü­li aý­dym­çy­la­ry­na 0500 gys­ga bel­gi­niň üs­ti bi­len öz ses­le­ri­ni be­rip bi­ler­ler. Halk köp­çü­li­gin­den gel­jek sms ha­bar­na­ma­la­ry bäs­le­şi­giň jem­len­ýän pur­sa­ty­na çen­li ha­sa­ba al­nar. «Ýy­lyň par­lak ýyl­dy­zy» halk köp­çü­li­gin­den 0500 gys­ga bel­gä gel­jek ses­le­re ga­raş­ýar.
Bel­läp geç­sek, «Ýy­lyň par­lak ýyl­dy­zy» bäs­le­şi­gi 2009-njy ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýär. Onuň il­kin­ji ýe­ňi­ji­si Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti Ja­han Ta­gy­ýe­wa. Bäs­le­şi­giň ge­çen 2022-nji ýyl­da­ky ýe­ňi­ji­si bol­sa Rüs­tem Hal­ly­ýew­dir.