Paý­tag­ty­myz­da­ky «Wa­tan» ki­no­kon­sert mer­ke­zin­de «Ka­me­ra­ta Aş­ga­bat» to­pa­ry­nyň «Gy­şyň ýy­ly aý­dym-saz­la­ry» at­ly kon­ser­ti ge­çi­ril­di. To­pa­ryň sa­zan­da­la­ry to­ma­şa­çy­la­ra se­ne­na­ma la­ýyk­lyk­da, gy­şyň ge­len­di­gi­ni ýat­lat­dy we köp san­ly muş­dak­la­ry­ny öňü­miz­dä­ki so­wuk ho­wa­da gol­da­mak üçin «Wa­tan» ki­no­kon­sert mer­ke­zin­de kon­sert ber­di.
Kon­sert­de gyş möw­sü­mi ba­ra­da­ky owa­za­sy äle­me do­lan bel­li aý­dym-saz eser­le­ri, şeý­le hem söý­gi ha­kyn­da­ky eser­ler ýaň­lan­dy.
Kon­sert me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da du­et – bi­rin­ji skrip­ka Bah­ram Do­ly­ýew we pia­ni­no­çy Aba­dan Me­re­do­wa ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len Kris­tof Glýu­kuň «Or­feý» ope­ra­syn­dan «Mu­kam» bi­len açyl­dy. Bu aja­ýyp sa­zyň soň­ky owaz­la­ry ýa­tan ba­dy­na, sa­zan­da­la­ra wio­len­çel­çi Ka­ka­gel­di Ho­ja­le­kow-da go­şul­dy, üç­lük bol­sa An­to­nio Wi­wal­di­niň «Möw­süm­ler» top­lu­myn­dan As­tor Pýas­sol­la­nyň döw­re­bap­laş­dy­ran bö­lek­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­di.
Ta­hyr Ata­ýe­wiň gat­naş­ma­gy bi­len üç­lük kwar­te­ta öw­rü­lip, to­ma­şa­çy­lar üçin Ed­ward Gri­giň «1-nji bel­gi­li ki­riş­li kwar­te­ti­ni» ýe­ri­ne ýe­tir­di.
«Ka­me­ra­ta Aş­ga­bat» to­pa­ry­nyň do­ly dü­zü­mi bi­len kon­ser­tiň so­list­le­ri – Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti Leý­li Ök­di­ro­wa, Döw­ran Şam­my­ýew, Be­genç Moş­şy­ýew we Gu­wanç Şam­my­ýew da­gy çy­kyş et­di. «An­na Ka­re­ni­na» saz­ly ese­rin­den An­na­nyň «Bo­ran» ario­zo­sy, Ri­çard Gal­ýa­no­nyň «Klod üçin tan­go­sy», Rims­kiý-Kor­sa­ko­wyň «Ary uçu­şy», Igor Kru­to­ýyň «Düýş ýa­ly söý­gü­si» we beý­le­ki aý­dym-saz eser­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di.
Kon­sert Be­genç Moş­şy­ýe­wiň 1971-nji ýyl­da Eduard Ha­nok ta­ra­pyn­dan ýa­zy­lan «Gyş» aý­dy­my­ny ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi bi­len ta­mam­lan­dy. Be­genç Moş­şy­ýew ret­ro aý­dy­myn­dan to­ma­şa­çy­lar üçin «dat­ly» çy­kyş ýa­sa­mak uky­by­ny ýe­ne bir ge­zek gör­kez­di. «Po­to­lok buz­dan, ga­py jy­gyl­dy­ly…» söz­le­ri bo­lan özü­ne çe­ki­ji gaý­ta­la­ma­gy zal­da otu­ran to­ma­şa­çy­lar aý­dym­çy bi­len bir­lik­de aýt­dy­lar.