Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 7 — 12-nji dekabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwaly geçirildi.
Gyrgyz Respublikasynyň halk ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara teatr festiwalyna ýurdumyzyň adyndan Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary wekilçilik etdi.
Ildeşlerimiz halkara teatr festiwalyň dowam edýän günleri, ýagny 10-njy dekabrda Gyrgyz Respublikasynyň milli akademiki drama teatrynda Çingiz Aýtmatowyň eseri esasynda Perhat Hudaýberenowyň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan «Ak gämi» atly sahna eseri bilen çykyş etdiler.
«Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwalyň jemleýji güni oňa gatnaşan ýurtlaryň wekillerine eminler topary tarapyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy. Netijede ildeşlerimiziň halkara festiwala gatnaşyjylara hödürlän «Ak gämi» atly sahna eseri halkara festiwaly guraýjylaryň ýörite baýragyna, Diploma we Kuboga mynasyp bolmagy başardy. Şeýle-de Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti Ogulşat Jumaýewa «Ak gämi» sahna eserindäki «Nurgazynyň keşbini iň gowy ýerine ýetiriji» baýragyna mynasyp bolmagy başardy.
Belläp geçsek, halkara festiwala Türkmenistan döwletimiz bilen birlikde Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, şeýle-de Russiýa Federasiýasyndan gelen teatrlaryň döredijilik toparlary gatnaşdylar.