11-nji de­kabr­da paý­tag­ty­myz­da Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni we Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne eýe bol­ma­gy­nyň 28 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li «Dia­log – pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li» at­ly hal­ka­ra fo­rum ge­çi­ril­di.
Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň gi­rel­ge za­lyn­da ýur­du­myz­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­lar bi­len bi­le­lik­de, baý­ram­çy­lyk ser­gi­si ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.
Fo­rum ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki umu­my mej­lis bi­len açyl­dy. Oňa Hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň we­kil­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky hem-de da­şa­ry döw­let­le­riň ýur­du­myz­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, şol san­da BMG-niň we onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry, Döw­let, hu­kuk we de­mok­ra­ti­ýa ins­ti­tu­ty­nyň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry, pro­fes­sor-mu­gal­lym­lar, ta­lyp­lar gat­naş­dy­lar.
Fo­ru­myň umu­my mej­li­sin­de çy­kyş eden BMG-niň Türk­me­nis­tan­da­ky he­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jy­sy Dmit­riý Şla­pa­çen­ko hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowa hem-de fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ra Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­ri­şiň mä­hir­li sa­la­my­ny ýe­ti­rip, mas­la­ha­tyň gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len me­se­le­le­riň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy.
Fo­rum­da BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň do­lan­dy­ry­jy­sy­nyň orun­ba­sa­ry, Ýew­ro­pa we GDA ýurt­la­ry bo­ýun­ça se­bit­le­ýin býu­ro­sy­nyň di­rek­to­ry ha­nym Iwa­na Žiw­ko­wiç, BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň Ýö­ri­te we­ki­li, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy Ka­ha Im­nad­ze, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň da­şa­ry sy­ýa­sat me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Ýö­ri­te we­ki­li, Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry­nyň orun­ba­sa­ry Ab­du­la­ziz Ka­mi­lo­wyň, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Mil­li az­lyk­la­ryň işi bo­ýun­ça Ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry Kaý­rat Abd­rah­ma­no­wyň, Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry­nyň orun­ba­sa­ry Me­reý Mu­ka­ža­nyň, Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry­nyň sy­ýa­sy iş­ler bo­ýun­ça kö­mek­çi­si Ýou­sef Al Do­bea­nyň çy­kyş­la­ryn­da Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ru­na we pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik baş­lan­gyç­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha be­ril­di.
ÝHHG-niň Par­la­ment As­samb­le­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Pia Kau­ma, Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň Baş di­rek­to­ry Ted­ros Ad­ha­nom Geb­re­ýe­sus, BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň äh­lu­mu­my kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar bo­ýun­ça orun­ba­sa­ry Me­lis­sa Fle­ming, BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň orun­ba­sa­ry, BMG-niň Ter­ror­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça mü­dir­li­gi­niň baş­ly­gy Wla­di­mir Wo­ron­kow, Ru­my­ni­ýa­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Lu­mi­ni­sa Odo­bes­ku, şeý­le hem Äh­lu­mu­my ýa­şyl ösüş ins­ti­tu­ty­nyň pre­zi­den­ti Pan Gi Mun san­ly ul­gam ar­ka­ly fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­len­di­ler. Çy­kyş­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň, BMG-niň we beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi nyg­tal­dy.
Şol gün BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zin­de ge­çi­ri­len mej­lis öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň gu­ra­ly hök­mün­de dia­lo­gyň äh­mi­ýe­ti­ne ba­gyş­lan­dy.
Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da dia­log ar­ka­ly pa­ra­hat­çy­ly­gy ga­zan­mak­da ze­nan­la­ryň or­nu­na ba­gyş­la­nan hem-de dia­log ar­ka­ly gel­jek­ki ne­sil­le­riň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek me­se­le­le­rin­de ýaş­la­ryň müm­kin­çi­li­gi­ne ba­gyş­la­nan mej­lis­ler ge­çi­ril­di.
BMG-niň Aş­ga­bat­da­ky we­kil­ha­na­sy­nyň bi­na­syn­da gu­ra­lan mej­lis­de bol­sa, äh­lu­mu­my daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk­da dip­lo­ma­tik dia­lo­gyň äh­mi­ýe­ti­ne ba­gyş­lan­dy.
***
Şeý­le hem 11-nji de­kabr­da paý­tag­ty­myz­da ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň bäh­bi­di­ne Bi­ta­rap­ly­gyň dost­la­ry to­pa­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki mej­li­si ge­çi­ril­di. Du­şu­şy­ga Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­na ag­za döw­let­le­riň we­kil­le­ri, şeý­le hem hal­ka­ra, se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­dyr iş­gär­le­ri gat­naş­dy­lar.
To­par 2020-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­dil­di. Hä­zir­ki wagt­da oňa 25 döw­let go­şul­dy. Bu to­par hal­ka­ra de­re­je­de, hu­su­san-da, BMG-niň çäk­le­rin­de yzy­gi­der­li hyz­mat­daş­ly­ga ýar­dam ber­mä­ge, öz sy­ýa­sa­ty­ny bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da gu­ra­ýan döw­let­le­riň pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni iş ýü­zün­de peý­da­lan­ma­ga, gap­ma-gar­şy­lyk­la­ryň öňü­ni al­ma­ga, ola­ryň se­bäp­le­ri­ni we ne­ti­je­le­ri­ni ara­dan aýyr­ma­ga, yn­san­per­wer­lik me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Mej­li­se gat­na­şy­jy­lar öz çy­kyş­la­ryn­da ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy iler­let­mek­de we äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň gu­ral­la­ry­ny iş­jeň ulan­mak­da ýur­du­my­zyň eýe­le­ýän or­nu­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler.