Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da Jo­an Rou­lin­giň “Gar­ri Pot­ter we pel­se­pe da­şy” at­ly ki­ta­by auk­si­on ar­ka­ly sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy. 26 ýyl bas­gan­ça­gyň aşa­gyn­da sak­la­nyp ga­lan bu ki­tap ýur­duň Der­bi­şer graf­ly­gyn­da “Han­sons Auctio­neers” auk­sio­ny ar­ka­ly 241 müň dol­la­ra sa­tyl­dy.
Graf­ly­gyň 58 ýa­şyn­da­ky ýa­şaý­jy­sy bu er­te­ki­ni ki­tap dü­ka­nyn­dan 10 funt ster­lin­ge sa­tyn alyp­dyr.
Auk­si­on öýü­niň hü­när­me­ni bu ki­ta­byň ese­riň aw­to­ry­nyň örän seý­rek duş gel­ýän il­kin­ji ne­şir­le­ri­niň bi­ri­di­gi­ni bel­le­ýär. Bu ki­tap­dan je­mi 500 sa­ny­ny çap edi­lip, onuň 300 sa­ny­sy ki­tap­ha­na­la­ra paý­la­nyp­dyr, 200 sa­ny­sy bol­sa müş­de­ri­ler köp­çü­li­gi­ne hö­dür­le­nip­dir. Mun­dan ozal hem Ang­li­ýa­da er­te­ki­niň şu ne­şi­ri­niň kä­bir gör­nüş­le­ri auk­si­on ar­ka­ly sa­tu­wa hö­dür­le­nip­dir.

Aý­gö­zel Aman­gel­di­ýe­wa, Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.