Meş­hur aý­dym­çy Teý­lor Swift “Eras To­ur” aý­dym-saz kon­sert sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de 1 mil­liard dol­lar ga­zan­dy. Şeý­le­lik­de, Swift Teý­lor hä­zir­ki wag­ta çen­li aý­dym-saz kon­sert­le­rin­de iň köp gir­de­ji ga­za­nan aý­dym­çy hök­mün­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gir­di.
Şeý­le hem bu kon­sert­ler gir­de­ji ba­bat­da mil­liard dol­lar sep­gi­din­den gecen il­kin­ji kon­sert tu­ry bol­dy.
Meş­hur aý­dym­çy­nyň “Eras To­ur” kon­sert­le­ri şu ýy­lyň mar­tyn­da baş­la­dy we gel­jek ýy­lyň de­kabr aýy­na çen­li do­wam eder. Şu wagt ara­ly­gyn­da Swift dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da 151 kon­sert mak­sat­na­ma­sy­ny ge­çi­rer. Swift hä­zi­re çen­li şol kon­sert­ler­den 1,04 mil­liard dol­lar­lyk gir­de­ji ga­zan­dy. Şeý­le­lik­de dün­ýä bel­li aý­dym­çy El­ton Jo­nuň 2013-nji ýyl­dan şu ýy­lyň tom­su­na çen­li do­wam eden 5 ýyl­lyk hoş­la­şyk kon­sert­le­rin­de ga­za­nan gir­de­ji re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. El­ton Jon hoş­la­şyk kon­sert­le­ri­niň çäk­le­rin­de 328 kon­sert be­rip, je­mi 939 mil­li­on dol­lar ga­za­nyp­dy.
Ozal ha­bar ber­şi­miz ýa­ly, go­laý­da Teý­lor Swift mil­li­ar­der­leriň sa­na­wy­na go­şulyp­dy. Şeý­le hem “Ti­me” žur­na­ly 33 ýaş­ly ýaş aý­dym­çy­ny “Ýy­lyň ada­my” saý­lap­dy. Ame­ri­ka­ly meş­hur aý­dym­çy ze­nan aý­dym-saz ug­run­dan bir­nä­çe baý­ra­gyň eýe­si­dir.