Serbiýada geçirilen parlament saýlawlarynda “Aleksandar Wuçiç – “Serbiýa säginmeli däldir, koalisiýasy sesleriň 91,6% sanalandan soň 47,21% ses alyp öňde barýandygy belli boldy.
Bu barada ýurduň saýlaw toparyna (RIC) salgylanyp, TASS habar berýär.
Maglumatlaryna görä, 8 273 saýlaw uçastogyndan 7,584-sinden alnan sesler sanalandan soň, koalisiýa 1,592,526 ses ýa-da 47,21% sese eýe boldy. Ondan soň oppozisiýa blogy “Serbiýa zuluma garşy” gelip, 22,9% sese eýe boldy. Üçünji orny 6,67% bilen “Serbiýanyň Premýer-ministri Iwisa Daçiç” koalisiýasy eýeleýär.