Häzirki wagtda internet bütin dünýäde giňden ulanylyp, maglumat çeşmesi hökmünde hem-de aragatnaşyk üçin bu hyzmatdan peýdalanýanlar barha artýar. Eýsem, internetde bir minutda nämeler bolup geçýär? Bu barada täze maglumat taýýarlandy. Bu maglumat tamamlanyp barýan ýylda internetiň ulanylyşynyň artandygyny görkezdi. “Domo” barlag topary taýýarlanan “Maglumat asla uklamaz” atly hasabatda bir minutda 241 million elektron poçta ugradylýandygy bellenilýär. Geçen ýyl bu görkeziji 231,4 million bolupdyr. “Google” saýtynda bolsa her 60 sekuntda 6,3 milliondan gowrak gözleg edilýär. Internet arkaly pul geçirimlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýän “Venmo”-nyň ulanylyşy hem artypdyr. Bu ulgam arkaly her minutda 463 müň dollar geçirilýär. Geçen ýyl bu görkeziji ep-esli az – 30 müň dollar eken. Agzalan ugurlarda ösüş gazanylan hem bolsa, goýulýan “tweet”-leriň sany 360 müň bolup, geçen ýylkydan az bolupdyr. Şeýle hem, “YouTube” wideolary, “Netflix” filmleri hem geçen ýyldakydan az görlüpdir.
Internete elýeterlilik hem global derejede pese gaçypdyr. On ýyl ozal 2,1 milliard internet ulanyjysy bolan bolsa, häzirki wagtda dünýä ilatynyň 5,2 milliardy internetden peýdalanýar.
Oguldursun Ataýewa, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy.