UEFA Ýewropa Ligasynda 1/8 finala çykjak 8 kluby kesgitleýän pleý-off tapgyryň bijeleri çekildi. UEFA Çempionlar Ligasynda toparçalarda 3-nji orny eýelänler bilen Ýewropa Ligasynda toparçalarda 2-nji orny eýelänleriň arasyndaky 8 duşuşykda ýeňiş gazanan klublar 1/8 finala çykar. 1/8 finalyň bijeleri bolsa soň çekiler.

Çempionlygyň dalaşgärlerinden “Milan” Fransiýanyň “Renn” topary bilen bije çekişdi. “Benfika” Tuluza bilen duşuşsa, “Galatasaraýyň” garşydaşy “Sparta Praga” boldy.

Duşuşyklar 15-nji hem-de 22-nji fewralda geçiriler.

 

Feýenoord (Niderlandlar) – Roma (Italiýa)

Milan (Italiýa) – Renn (Fransiýa)

Lans (Fransiýa) – Fraýburg (Germaniýa)

Ýang Boýz (Şweýsariýa) – Sporting (Portugaliýa)

Benfika (Portugaliýa) – Tuluza (Fransiýa)

Braga (Portugaliýa) – Garabag (Azerbaýjan)

Galatasaraý (Türkiýe) – Sparta Praga (Çehiýa)

Şahtýor Donesk (Ukraina) – Marsel (Fransiýa)