1909-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Germaniýanyň Dortmund şäherinde “Borussia Dortmund” (doly ady: Ballspielverein Borussia 09 e. V. Dortmund) sport kluby döredilýär. 18 oýunçysy bolan futbol kluby hökmünde döredilen topar ilkibaşda ak-gök çyzykly, gyzyl guşakly köýnekçe we gara şort bilen oýanaýarlar. 1913-nji ýylda häzirkä meňzeşräk bolan gara we sary çyzgyly köýnekçä geçip başlaýarlar. 1974-nji ýyldan bäri sport klubynyň stadiony “Westfalenstadion” bolup, ol soňky ýyllarda yklymyň iň köp tomaşaçyly stadionydyr. “Borussiýanyň” duşuşyklaryna dünýädäki beýleki islendik futbol duşuşygyndan has köp janköýer tomaşa edýär. “Borussiýa Dortmund” “Bawariýadan” soň “Bundesliganyň” iň güýçli topary hasaplanýar. “Borussiýa Dortmund” topary çempionatda 8, Germaniýanyň Kubogy ýaryşynda-da (DFB-Pokal) 5 gezek ýeňiji bolýar. Şeýle-de, UEFA Çempionlar Ligasynyň Kubogyny hem-de ozalky UEFA Kubokçylaryň Kubogy ýaryşlarynda 1 gezek çempionlyk gazanýar.
Suratda: toparyň 1913-nji ýyldaky futbolçylary.