1913-nji ýylyň 21-nji dekabrynda “New York World” gazetinde ilkinji krossword hasaplanýan tapmaça “word-cross” ady bilen çap edilýär. Soňlugy bilen dürli görnüşleri peýda bolan we häzirki wagtda hem iň gyzykly güýmenjeleriň birini öwrülen bu täsin tapmaçany Artur Winn atly žurnalist döredýär. Onuň döreden krosswordynda edil häzirkiler ýaly, dikligine we keseligini öýjükler bolup, olaryň kesgitlemesi berlipdir. Ýeke-täk tapawudy, öýjügiň başyndaky we ahyryndaky san hem görkezilipdir.
Iňlis dilinde “word” – “söz”, “cross” – “kesişmek, kesip geçmek” diýmegi aňladýar.
“New York World” gazeti ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde 1960-1931-ji ýyllar aralygynda çykýar.
Suratda: ilkinji krosswordyň gaýtadan döredilen nusgasy.