22-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine birnäçe resminamalaryň taslamalary we beýleki meseleler girizildi.
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara topary döredildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara toparyny döretmek hakynda Kararyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Howa kodeksine, “Ulag howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň degişli standartlaryna hem-de tejribesine laýyklykda, uçuşlaryň ýokary derejedäki howpsuzlygyny, durnuklylygyny, netijeliligini üpjün etmäge, bu ulgamda hukuk namalaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilen utgaşykly işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny kämilleşdirmek işinde onuň howpsuzlyk meselesine uly ornuň degişlidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda işiň utgaşykly alnyp barylmagyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara toparyny döretmek hakynda» Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Magtymguly Pyragy portalyny dörediler
Mejlisiň dowamynda M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şanly senäni dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny sanly we neşir görnüşinde taýýarlamak, Magtymguly Pyragy portalyny döretmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, halkara derejede geçirilýän çäreleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, ýubileý poçta markalarynyň şekil taslamalaryny taýýarlamak boýunça döredijilik bäsleşigini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geljek ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly köp çäreleriň geçiriljekdigini nygtap, akyldar şahyrymyzyň şanly toýy mynasybetli poçta markalaryny goýbermek we olaryň şekil taslamasyny düzmek üçin döredijilik bäsleşigini ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyny belledi.