Ýapon alymlary adam beýnisiniň signallaryny gaýtadan işlemek arkaly şekil döredip bilýän tehnologiýany döretdiler. Bu generatiw emeli aňyň kömegi bilen başa bardy.
Milli kwant ylymlary we tehnologiýalar institutynyň alymlary tarapyndan geçirilen barlaglarda synag geçirilýänler obýektleriň şekillerine seredenlerinde, olaryň beýnisinde döreýän signallaryny anykladylar. Olara 1200 töweregi surat görkezdiler. Olaryň beýnisiniň işjeňligi funksional magnit-rezonans tomografiýasy (MRT) arkaly derňeldi. Şeýle-de suratlar emeli aňyň maglumat goruna ýüklendi. Ulgam bolsa, adam beýnisinden gelýän signallary şekil görnüşinde ýüze çykardy.
Barlaglarda alajagaplaňyň şekili hakykata has golaýy boldy. Şekilde alajagaplaňyň suduryny aýyl-saýyl saýgarmak bolýardy. Alymlaryň tassyklamagyna görä, şeýle tehnologiýany aragatnaşyk enjamlaryny döretmek, şeýle hem galýusinasiýalaryň we düýşleriň mehanizmlerine düşünmek üçin peýdalanylyp bilner.