Ýer 3-nji ýanwarda öz orbitasynda Güne has golaý ýerde bolar. Munuň netijesinde, Günüň görünýän diametri iýul aýy bilen deňeşdirilende, 3 göterim uly bolar diýip, “Moskwa Planetarium” web saýty habar berýär.
Şol gün Gün bilen Ýer planetasynyň arasyndaky aralyk 147 098 988 kilometr bolar. Astronomlar Moskwa wagty bilen 03: 38-de onuň perigeliýa derejesine ýetjekdigini anykladylar.
Ýeriň elliptik orbita boýunça Günüň daşyndan aýlanýandygy mälimdir. Planetanyň perilegiýa derejesine ýanwar aýynda, afeliýa derejesine bolsa, iýulyň başynda ýetýär. Bu döwürde ol Günden 152 million kilometrden gowrak uzaklyga daşlaşýar.
Ýatlap geçsek, 22-nji dekabrda Demirgazyk ýarym şaryna gyş pasly geldi. Ýylyň iň gysga gününiň dowamlygy 6 sagat 59 minut boldy.