Adat­ça, her ýyl 31-nji de­kabr­dan 1-nji ýan­wa­ra ge­çil­ýän gi­je­de, gü­nüň ça­lyş­ýan wag­tyn­da do­gul­ýan ekiz ça­ga­la­ryň her­si baş­ga ýyl­lar­da dün­ýä in­ýär. Se­bä­bi 23:59-a çen­li dog­lan bä­bek ta­mam­la­nan ýyl­da dog­lan ha­sap edil­ýän bol­sa, 00:00-da ýa-da on­dan soň­ra bo­lan bä­bek tä­ze ýyl­da dog­lan diý­lip ha­sap edil­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, ekiz­le­riň res­mi­na­ma­syn­da di­ňe dog­lan gün­le­ri däl, eý­sem ýyl­la­ram baş­ga bol­ýar. ABŞ-da bol­sa has tä­sin wa­ka bo­lup geç­di. 32 ýaş­ly ze­nan ekiz bä­bek­le­ri­niň ikin­ji­si­ni 10 sa­gat­dan soň­ra dün­ýä in­der­di. Luk­man­lar şeý­le wa­ka­nyň bir­nä­çe mil­li­on­dan bir ge­zek ga­bat gel­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Kel­si Hat­çer at­ly ze­nan Ala­ba­ma şta­tyn­da­ky Bir­min­gem­dä­ki Ala­ba­ma uni­wer­si­te­ti­niň has­sa­ha­na­syn­da (UAB) ge­çen hep­dä­niň ikin­ji gün bi­rin­ji, çar­şen­be gü­ni ikin­ji bä­be­gi­ni dün­ýä in­der­di. BBC-niň ha­ba­ry­na gö­rä, Kel­si bu tä­sin wa­ka ba­ra­da jem­gy­ýet­çi­lik to­ry ar­ka­ly mä­lim et­di. Kel­si 17 ýa­şyn­da wag­ty onuň iki ýat­gy­sy­nyň bar­dy­gy anyk­la­nyp­dyr.
Kel­si mun­dan ozal üç ge­zek sag­dyn göw­re­li­li­gi baş­dan ge­çi­rip­dir. Dog­ru­my ama­la aşy­ran pro­fes­sor Ri­çard Da­wis iki bä­be­giň hem göw­re­de ulal­mak we ke­ma­la gel­mek üçin ýe­ter­lik ýe­ri­niň bo­lan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Kel­si göw­re­li­li­gi­niň 39-njy hep­de­sin­de bä­bek­le­ri­ni dün­ýä in­de­rip­dir. Göw­re­li aýa­lyň ýag­da­ýy göz öňün­de tu­tu­lyp, bä­bek­ha­na­da adat­da­ky­dan iki es­se köp iş­gär goý­lup­dyr. Il­kin­ji bä­bek 19-njy de­kabr­da ýer­li wagt bi­len 19:45 tö­we­re­gi dün­ýä inip­dir. Ikin­ji bä­bek 10 sa­gat­dan gow­rak wagt­dan soň, er­te­si ir­den 06:10 tö­we­re­gi dün­ýä inip­dir.
UAB-niň luk­man­la­ry şeý­le ýag­da­ýyň ze­nan­la­ryň müň­den üçü­sin­de bo­lup bil­jek seý­rek ýag­daý­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Iki ýat­gy­da ça­ga gal­ma­gyň äh­ti­mal­ly­ly­gy­nyň bol­sa, mil­li­on­dan bir de­re­je­de seý­rek­di­gi bel­le­nil­ýär.
Luk­man­çy­lyk ta­ry­hyn­da şeý­le wa­ka örän seý­rek ha­sa­ba alyn­ýar. 2019-njy ýyl­da Bang­la­deş­de bir luk­man bir aýa­lyň beý­le­ki bä­be­gi­ni bir aý tö­we­re­gi wagt­dan soň­ra dog­ran­dy­gy­ny mä­lim edip­di.