Täze ýylyň bosagasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Akdepe hyzmat” hojalyk jemgyýeti ýogurtlaryň täze görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy. Şetdaly, ülje, ýertudana, banan we wanil tagamly ýogurtlar aýratyn tagama hem-de ýokumlylyga eýe bolup, olar 150 gram agramdaky gaplara gaplanýar.
Aşgabat şäheriniň Gypjak ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän hojalyk jemgyýetinde öndürilip başlanan täze görnüşli ýogurt mekdebe çenli çagalar üçin niýetlenýär. Kärhanada ýaşlaryň 60-a golaýy zähmet çekýär. Olar bu ýerde ornaşdyrylan Italiýa, Awstriýa, Germaniýa ýaly öňdebaryjy Ýewropa ýurtlarynyň iň kämil tehnologiýaly enjamlaryna ussatlarça erk etmegiň hötdesinden gelýärler. Şoňa görä-de, ýyllyk kuwwatlylygy 1 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen kärhanada işler barha rowaçlanýar.