1783-nji ýy­lyň 26-njy de­kab­ryn­da fran­suz fi­zi­gi Liu Se­bast­ýan Le­nor­man 100 ýyl tö­we­re­gi wagt bä­ri mä­lim bo­lan Faust Wer­ça­nio­nyň pa­raş­ýu­ty­ny has-da kä­mil­leş­di­rip, onuň bi­len be­ýik­lik­den bök­di. Pa­riž­de bir ja­ýyň üçe­gin­den ama­la aşy­ry­lan bö­küş şow­ly ta­mam­la­nan­soň, Le­nor­man on­dan soň­ra has be­lent ýer­den – Mon­pel­ýe ob­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň de­pe­sin­den bök­ýär. Le­nor­ma­nyň pa­raş­ýu­ty sa­ýa­wan gör­nüş­li bo­lup ken­dir ma­ta­dan ti­ki­lip­dir. Sa­ýa­wan sö­wü­diň çy­byk­la­ryn­dan do­ka­lyp­dyr.
Şeý­le hem Le­nor­ma pa­raş­ýut sö­zü­ni hem oý­lap tap­ýar. La­tyn­ça­da “pa­ra-” gar­şy ma­ny­sy­ny ber­ýän pre­fiks­dir (sö­züň öňün­den gel­ýän go­şul­ma), “pa­ra­re” sö­zi go­ra­mak, öňü­ni al­mak diý­me­gi aň­lad­ýar. “Chu­te” sö­zi bol­sa fran­suz­ça­da gaç­mak, ýy­kyl­mak diý­me­gi aň­lad­ýar. Şeý­le­lik­de, bu söz­le­riň bir­leş­me­gin­den eme­le ge­len we beý­le­ki dil­le­re hem ge­çen pa­raş­ýut ýy­kyl­ma­gyň öňü­ni al­ýan awia­si­ýa es­ba­by hök­mün­de dö­re­ýär.

26-njy dekabrda bolan beýleki wakalar:
1865: Amerikaly Jeýms H. Neýson süzgüçli kofe enjamyna patent alýar.
1898: Mariýa Kýuri we Pýer Kýuri radiý himiki elementini açandyklaryny mälim etdiler. Kuri doganlar 1903-nji ýylda bu açyşy üçin Nobeliň Fizika baýragyna mynasyp boldular.
1908: boksçy Jek Jonson Awstraliýanyň Sidneý şäherinde Tommi Burnsi ýeňip, agyr agram boýunça dünýäniň ilkinji garaýagyz çempiony bolýar.
1933: Amerikaly inžener Edwin Armstrong FM ( frequency modulation-ýygylyk modulýasiyasy ) radionyň patentialýar.
1982: “Time” žurnaly ilkinji gezek “ýylyň adamy” hökmünde adam däl zady – şahsy kompýuteri saýlaýar.
1986: Dünýäniň ilaty 5 milliarda ýetýär.
1991: Sowet Soýuzy resmi taýdan ýatyrylýar.
2004: Hindi ummanynda (Indoneziýanyň demirgazygynda – Açeh welaýatynda) Rihter ölçegine görä, 9,7 bal güýjünde ýertitreme bolýar. Deňizdäki beýik tolkunlar kenarýakadaky ilatly ýerlere uly zeper ýetirýär. Günorta-gündogar Aziýada 13 ýurtda 200 müňden gowrak adam heläk bolýar. Diňe Indoneziýanyň özünde 128 müň adam pida bolýar.