UEFA Çempionlar Ligasynda toparçadaky duşuşyklar tamamlanyp, 1/8 finala çykan klublar belli boldy. Toparçalarda geçirilen duşuşyklarda birnäçe statistikalar, täsin hasabatlar, rekordlar, özboluşly maglumatlar hasaba alyndy.

1 – Žoao Mario UEFA Çempionlar Ligasynda het-trik eden ilkinji benfikaly futbolçy boldy.

4 – “Lasionyň” derwezeçisi Iwan Prowedel UEFA Çempionlar Ligasynda gol geçiren 4-nji derwezeçi bolup, ondan öň Hans-Ýorg Butt, Sinan Bolat hem-de Wensen Enýeama dagy tapawutlanypdy.

7 – “Mançester Siti” topary yzly-yzyna 7-nji gezek toparçalarda 1-nji orny eýelemegi başardy.

13 – “Srwena Zwezda” toparynyň derwezeçisi Omri Glazer “Mançester Siti” bilen geçirilen 1-nji duşuşykda 13 urgyny sowmagy başardy. Ol “Kopengagen” toparynyň derwezeçisi Kamil Grabaradan (2022-nji ýylyň oktýabr aýy, ýene-de “Mançester Siti” duşuşygynda)  soň bir oýunda 10-dan köp urgyny sowmagy başaran ilkinji derwezeçi boldy.

16 – “Barselona” toparynyň ýaş oýunçysy Lamin Ýamal 16 ýaş 83 gün bilen “Porto” duşuşygynda meýdança çykyp, UEFA Çempionlar Ligasynda oýnan iň ýaş futbolçy rekordyny täzeledi. Ozalky rekord 1994-nji ýylyň noýabryndaky “Anderleht” – “Stýaua” duşuşygynda çykyş eden ýer eýesi toparynyň nigeriýaly oýunçysy Selestin Babaýaro degişlidi (16 ýaş 86 gün).

17 – Toparçalarda 40 oýundan bäri ýeňilmän gelýän “Bawariýa” topary “Kopengagen” bilen golsuz deňme-deň oýnap, 17 oýunlyk ýeňişli ýörişi tamamlandy.

25 – “Atletiko”–“Feýenoord” duşuşygynda 2 gol geçiren Alwaro Morata UEFA Çempionlar Ligasynda 25 gola ýeten 3-nji ispaniýaly futbolçy bolup, ondan öň Raul Gonzales (71) hem-de Fernando Morintes (33 gol) bu görkezijä ýetipdi.

28 – “Real Madrid” bilen “Barselona” toparlary 32-nji gezek geçirilýän UEFA Çempionlar Ligasynyň toparçalarynda 28-nji sapar çykyş etdiler.

36 – “Borussiýa Dortmund” toparynyň germaniýaly hüjümçisi Karim Adeýemi duşuşykda sagatda 36,3 kilometr tizlik bilen ylgap, bu ugurda toparçalardaky iň ýokary görkezijä ýetdi.

37 – “Milanyň” fransiýaly hüjümçi Oliwie Žiru toparynyň PSŽ bilen geçiren duşuşygynda, şol sanda “Sewilýanyň” ispaniýaly goragçysy Serhio Ramos toparynyň “Lans” bilen geçiren duşuşygynda tapawutlanmagy başardy. Žiru 37 ýaş 38 gün, Ramos bolsa 37 ýaş 244 gün bilen UEFA Çempionlar Ligasynda gol geçiren degişlilikde, iň ýaşuly fransiýaly hem-de ispaniýaly futbolçylar boldy.

39 – “Mançester Siti” topary UEFA Çempionlar Ligasynda öz meýdançasynda oýnan 39 duşuşygynda-da gol geçirmegi başardy.

40 – “Porto” toparynyň portugaliýaly goragçysy Pepe UEFA Çempionlar Ligasynda gol geçiren iň ýaşuly futbolçy boldy. 2 gol geçiren Pepe ilki Tottiniň, soňra öz rekordyny täzeledi.

100 – “Barselonanyň” polşaly hüjümçisi Robert Lewandowskiniň “Antwerpen” duşuşygynda geçiren goly onuň UEFA-nyň klub ýaryşlaryndaky 100-nji goly hökmünde hasaba alyndy. Ol Ronaldo hem-de Messiden soň bu görkezijä ýeten 3-nji futbolçydyr.

108 – “Ýang Boýz” toparynyň futbolçysy Ebrima Kolli “Leipsig” bilen geçirilen duşuşykda tapawutlanyp, ol UEFA Çempionlar Ligasynda gol geçiren ilkinji gambiýaly oýunçy boldy. Şunlukda, Gambiýa Çempionlar Ligasynda futbolçysy gol geçiren 108-nji ýurt hökmünde bellige alyndy.

150 – Serhio Ramos, Luka Modriç, Tomas Müller hem-de Iwan Rakitiç dagy UEFA-nyň klub ýaryşlarynda 150 duşuşykda meýdança çykan futbolçylar boldy.

296 – UEFA Çempionlar Ligasynyň şu möwsüminde toparçalardaky 96 oýunda 296 gol geçirildi. Bu görkeziji geçen ýyldakydan 8 gol az diýmekdir.

10 000 – Toparçalardaky 5-nji duşuşyklarda 3-2 hasabynda tamamlanan PSW – “Sewilýa” duşuşygynda ispan toparynyň bir goluny geçiren Serhio Ramosyň derwezä uran şol topy UEFA Çempionlar Ligasyndaky 10 000-nji gol hökmünde hasaba alyndy.