1927-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokýoda Aziýada ilkinji bolup metro işe girizilýär. “The Tokyo Metro Ginza Line” (Line 3 Ginza Line) atly ýerasty otly ýolunyň uzynlygy 14,3 kilometre ýetýär. Metro ugrunyň ady ýapon paýtagtynyň söwdanyň ösen etraby bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda ýurduň paýtagtyndaky metro ulgamyna birikdirilen bu şaha narynç reňkli ýa-da G harpy bilen görkezilýär. Tokýoda metro gurmak baradaky başlangyçlar 1914-nji ýylda başlanýar. Şol ýyl Londona baran ýapon işewüri Noritsugu Haýkawa Tokýoda hem jemgyýetçilik ulagynyň bu görnüşini gurmagyň peýdaly boljakdygyny pikir edýär. Haýkawa 1920-nji ýylda Baron Furuýçi Koý bilen bu taslamany durmuşa geçirmäge girişýär. Netijede, taslamany durmuşa geçirmek üçin zerur bolan 35 million ýeniň 6,2 milliony maliýeleşdirilenden soňra, 1925-nji ýylda gurluşyga başlanýar. Iki ýyldan soňra Aziýanyň ilkinji metrosy işläp başlaýar.

Suratda: metronyň düýbüniň tutulyş dabarasyndan pursat.