Amerikanyň Atlanta şäherindäki kinoteatrlaryň biriniň eýesi hajathana diwarynyň aňyrsyna gaçan gapjygy tapdy. Teatryň eýesi öz derňewini geçirensoň, ýitgini 65 ýylda soň eýesiniň maşgalasyna gaýtaryp berdi.
1939-njy ýylda gurlan kinoteatryň eýesi Kris Eskobar gapjygyň içinden ak-gara maşgala suratlaryny, lotereýa biletini, birwagtlar ýapylan iki sany supermarketiň kredit kartoçkalaryny we ätiýaçlandyryş kartalaryny tapdy. Şeýle hem gapjykda Floý Kalbretiň adyna sürüjilik şahadatnamasy bar eken. Bu zatlar gapjygyň eýesiniň maşgalasyny tapmaga kömek etdi.
Şahadatnamadaky görkezilen maglumatlara esaslanyp, Eskobar we aýaly jemgyýetçilik tory arkaly Floý Kalbretiň 71 ýaşly gyzy Teý Çemberleýn bilen tanyşdy.
Görlüp oturylsa, garry aýalyň öýi kinoteatrdan onçakly uzakda hem däl eken. Teý Çemberleýn ejesiniň 10 ýyldan gowrak ozal aradan çykandygyny, ömrüniň dowamynda, hakykatdan hem, kän zat ýitirendigini aýtdy. Başlangyç mekdepde mugallym bolup işlän Floý haýyr-sahawat işlerine gatnaşypdyr, esasan hem ysmaz keseli bolan adamlara kömek edipdir. “Tapylan gapjyk diňe bir gyzyny däl, eýsem bäş we ýedi ýaşyndaky agtykdyr çowluklaryny hem geň galdyrdy” diýip, “New York Post” neşiri ýazýar.