Hytaý 2023-nji ýylda Russiýanyň we Meksikanyň bazarlaryna iberilýän ulaglaryň artmagy netijesinde dünýäniň iň uly awtoulag eksportçysy boldy. Bu barada Ýaponiýanyň “Nikkei” neşiri habar berýär. Hytaý awtoulag öndürijiler birleşiginiň deslapky maglumatlaryna görä, ýanwar aýyndan noýabr aýy aralygynda Hytaýda ýygnalan awtoulaglaryň eksporty 58,4% ýokarlanyp, 4,41 milliona ýetdi. Şol döwürde Ýaponiýa üçin bu görkeziji 3,99 million awtoulag boldy we ýylyň dowamynda eksportyň umumy möçberi 4,3 million boldy. Soňky ýyllarda awtoulag eksportynda Ýaponiýa öňdeligi eýeledi, diňe 2016-njy ýylda Germaniýadan yza galdy.
Hytaýyň ornunyň pugtalandyrmagynyň esasy sebäpleriniň biri, Russiýa bazaryndaky satuwlaryň köpelmegi boldy. 2023-nji ýylyň ilkinji 11 aýynda Hytaý Russiýa Federasiýasyna, takmynan, 730 müň awtoulag iberdi, bu bolsa 2022-nji ýyldakydan ýedi esse köpdür. Russiýadan soň ikinji ýerde Meksika gelýär, ýylyň dowamynda hytaý awtoulaglarynyň iberilmegi 71% ýokarlanyp, 330 müň birlige ýetdi. Hytaýyň ulag öndürijileri Meksikada uly müşderi bazasyny döretmäge tagalla edip, bu ýagdaý ABŞ-nyň we Kanadanyň bazarlaryna içgin aralaşmaga ýardam berer. Hytaýdan Ýewropa ýurtlaryna iberilýän ulaglaryň sany hem artýar.
Şeýle hem Hytaý elektroulaglarynyň we alternatiw energiýa çeşmeleri bilen işleýän beýleki ulag serişdeleriniň dünýä eksportyny ep-esli giňeltdi. Ýewropadan başga-da, Hytaýyň elektroulaglary Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlarynda-da meşhurlyk gazanýar. Çünki ol ýerlerde adatça, ýapon kompaniýalary aýratyn orun eýeleýärdiler. Mysal üçin, elektrik hereketlendirijili hytaý awtoulaglarynyň Taýlanda eksporty geçen ýyl bilen deňeşdirilende iki esse artypdyr.