Ýur­du­myz­da 2024-nji ýy­lyň il­kin­ji bä­be­gi­niň Ar­ka­dag şä­he­rin­de dün­ýä inen­di­gi ha­bar be­ril­di. Ýy­lyň il­kin­ji bä­be­gi Ar­ka­dag şä­he­rin­iň Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş mer­ke­zin­de dün­ýä inen og­lan­jyk bol­dy. Ahal we­la­ýa­tynyň Gök­de­pe et­ra­by­nyň Yz­gant oba­sy­nyň ýa­şaý­jy­la­ry bo­lan Ka­ka­gel­di­ýew­le­riň maş­ga­la­sy üçün­ji ça­ga ga­raş­ýar­dy­lar. Tä­ze dog­lan bä­be­giň ag­ra­my 4 ki­log­ram 230 gram, bo­ýy 54 san­ti­metr. Lukmanlar ça­ga­nyň we onuň eje­si­niň sag­ly­k ýagdaýynyň ka­na­gat­la­nar­lydygyny belleýärler.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­laha­tynyň baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len gur­lan tä­ze «akyl­ly» şä­her­de dün­ýä inen 2024-nji ýyl­da­ky il­kin­ji og­lan­jy­ga ça­ga­nyň ene-ata­sy Arkadag diýip at goýdular. Munuň özi san­ly­ja ýy­lyň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň gö­zel kün­je­gin­de peý­da bo­lan bag­ty­ýar ýa­şa­ýyş we gül­läp ös­mek üçin äh­li şert­le­riň dö­re­di­len ta­ry­hy şä­he­riň bi­na edil­me­gi­niň göz­ba­şyn­da du­ran türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­ne be­lent hor­ma­t-sarpanyň aýdyň ny­şa­nyna öwrüldi.

Tä­ze ýy­ly­ň il­kin­ji gü­nün­de dog­lan ça­ga we ata-ene­si­ne Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň we türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyn­dan sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.