Her ýylyň başynda ilkinji dünýä inen bäbek barada habarlar peýda bolýar. Indi köp ýurtda ilkinji dünýä inen bäbegi aýan etmek däbi bar. Her ýyl ýylyň çalyşýan wagtynda ekiz bäbekler hem dünýä inýär. Kähalatda olaryň biri 31-nji dekabrdan 1-nji ýanwara geçilýän gijede ýarygijeden öň, beýlekisi soň dogulýar. Şeýle bolansoň olaryň doglan ýyllary hem başga bolýar. Şeýle waka şu ýyl ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynda hasaba alyndy. Ştatyň Kamden okrugynyň Wurhis şäherçesindäki hassahanada dünýä inen Ezra we Ezekial atly bäbejikleriň biri 2023-nji ýylda, beýlekisi 2024-nji ýylda doguldy.
Bu barada şäherçäniň hassahanasynyň ýolbaşçylary metbugat işgärlerine habar berdi. Ekizleriň ulusy, Ezra atly oglan bäbek 11:48-de doglupdyr. Onuň agramynyň 2 kilogram 720 gramdygy, boýunyň 48 santimetrdigi mälim edildi. Ekizleriň kiçisi, Ezekial atly oglan bäbejik 12:28-de dünýä inipdir. Onuň agramynyň 1 kilogram 810 gramdygy, boýunyň 47,6 santimetrdigi mälim edildi.
Mundan ozal ekizleriň ene-atasy Ewe bilen Billiniň bir ogly bar eken. Ol oglan hem 3-nji ýanwarda üç ýaşyny doldurýar. Billiniň doglan güni hem 31-nji dekabr eken. Ol aýalynyň öz doglan gününe iki sowgat edendigini belleýär.
Hassahananyň metbugata beren beýanatynda Ewe bilen Billiniň bäbejikleriniň sagdyndygy, olaryň ekiz bäbekleriniň dünýä inendigi barada gürrüň bermek üçin gyzykly hekaýatlaryny bardygy mälim edildi.
Şeýle waka ABŞ-nyň Konnektikut ştatyndaky Nýu-Heýwen şäherinde hem hasaba alnypdyr. Şäheriň Ýel Nýu-Heýwen hassahanasynyň habar bermegine görä, Maýkl hem-de Aliýa Kiýomi Morrisleriň maşgalasynyň täze ýyl gijesi ekiz bäbekleri bolupdyr. Olaryň 11:59-da dünýä inen oglan bäbegine Sewen diýip at goýupdyrlar. Seweniň gyz jigisi Souli bolsa, 12:02-de dünýä inipdir. Bäbekleriň ikisiniň hem agramynyň 2 kilogram 976 gramdygy mälim edildi.