Täze ýylyň ilkinji sagatlarynda Ýaponiýada güýçli ýertitreme boldy. Birnäçe gezek gaýtalanan ýertitremäniň iň güýçlisiniň 7,4 baldygy mälim edildi. Bu ýer yranmasy soňky ýyllarda ýurtda hasaba alnan iň güýçli ýertitremeleriň biridir. Tebigy hadysa sebäpli Isikawa sebitinde heläk bolanlaryň sanynyň azyndan otuza ýetendigi mälim edildi. 24 sagadyň dowamynda 150 ýertitreme hasaba alnypdyr. Bu bolsa, binalaryň we buthanalaryň ýykylmagyna getiripdir. Häzirki wagtda ýertitremäniň täsir eden ýerlerinde gözleg-halas ediş işleriniň alnyp barylýandygy, Suzu şäherinde 7 gatly binanyň dolulygyna ýykylandygy mälim edildi. Syýahatçylyk şäheri bolan Wadzimada 100 töweregi bina zeper ýetipdir. Käbir ýerlerde ýollara hem zeper ýetipdir.
Ýurduň kenarýaka sebitlerinde sunami hadysasy hem boldy. Käbir ýerde tolkunyň beýikligi 1,2 metre ýetipdir.
Ýaponiýanyň Meteorologiýa agentliginiň (JMA) berýän maglumatyna görä, 1-nji ýanwarda Isikawanyň Noto ýarym adasynda hem-de onuň golaýynda, deňizde ölçegi 5 bilen 7 bal aralygynda bolan köp sanly ýertitreme bolupdyr.
Noto ýarym adasynda 2-nji ýanwar güni (şu gün) ýerli wagt bilen 10:17-de 5,6 bal ölçeginde ýene bir ýertitreme hasaba alyndy.
Ýurduň hökümet başlygy Kisida Fumio Noto ýarym adasyna barmagyň kyndygyny, merkezi häkimiýetiň sebite kömek ugratmak üçin gämilerden peýdalanmak üçin taýýarlyk görendigini aýtdy. Sebitde hereket edýän ýokary tizlikli otlularyň käbirinde bökdençlik dörändigini, käbir gatnawyň 11 sagada çenli giç ýerine ýetirilendigi mälim edildi.