2024-nji ýylda dünýäde köp sanly saýlaw geçiriler. Bu barada “Euronews.com” habar berýär. Umuman alanyňda, dünýäde 50 ýurtda iki milliarddan gowrak adamyň saýlawlara gatnaşmagyna garaşylýar. Bu saýlawlar yklyma uly täsir edip biler. Özgerişlikler söwda gatnaşyklaryna we dünýä ykdysadyýetine täsir edip, geosyýasy deňagramlylygy hem düýpgöter üýtgetmegi mümkin. Ine, dünýäde geçiriljek esasy saýlawlar:
ABŞ-da Prezident saýlawlary – 5-nji noýabr.
Ýewropa parlamentiniň saýlawlary – 6-9-njy iýun.
Portugaliýada parlament saýlawlary – 10-njy mart.
Belgiýada federal saýlawlar – 9-njy iýun.
Awstriýanyň kanun çykaryjy mejlisine saýlawlar güýz aýyna garaşylýar.
28-nji ýanwarda Finlýandiýada prezident saýlawy geçiriler.
Litwada parlament saýlawlary 12-nji maýda, Horwatiýada, 22-nji sentýabrda geçiriler.
Russiýada 17-nji martda Prezident saýlawy geçiriler.
Eýranda saýlawlar 1-nji martda, Belarusda 25-nji fewralda meýilleşdirilýär.
Indoneziýada ählumumy saýlawlar 14-nji fewralda, Hindistanda bolsa, aprel-maý aýlarynda geçiriler. Indoneziýada ses berişlik 200 milliondan gowrak adamyň gatnaşmagynda dünýäniň iň uly bir günlük saýlawy bolar.
Taýwanda 13-nji ýanwarda Prezident saýlawlary geçiriler.
Ýakynda “Beýik Britaniýanyň Premýer-ministr Rişi Sunak 2024-nji ýylyň ahyryna çenli ählumumy saýlawlaryň geçiriljekdigini mälim edipdi.