Angliýanyň çempionatynda 20-nji tapgyryň duşuşyklary dowam edýär. Sanawyň lideri “Liwerpul” öz meýdançasynda “Nýukasly” kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýunda janköýerler 6 goluň şaýady boldular. Duşuşygyň 22-nji minutynda eminiň bellän penalti urgusyny Mohamed Salah dürs urup bilmedi we 1-nji ýarym golsuz tamamlandy.
2-nji ýaryma gol bilen başlan “Liwerpulda” penaltini geçirip bilmedik Salah topardaşy Nunýesiň pasyndan soň 49-njy minutda hasaby açdy. Ýöne myhmanlar 5 minutdan soň Isakyň goly bilen hasaby deňlediler.
74-nji minutda Kurtis Jons “Liwerpuly” 2-1 öňe saýlady. 78-nji minutda Salahyň asist etmeginde Gakponyň goly bilen aratapawut 2-ä çykdy. Emma ruhdan düşmedik “Nýukasl” 81-nji minutdaky Bottmanyň goly bilen az-owlak janköýerlerini umytlandyrsa-da, 86-njy minutda Salah oýna soňky nokady goýdy. Ol Jotanyň garşysyna oýnalan gödek oýundan soň eminiň bellän penaltisini bu sapar ýalňyşsyz ýerine ýetirdi. Netijede, 4-2 hasabynda ýeňiş gazanan “Liwerpul” täze ýyla ýeňiş bilen başlap, liderligini goramagy başardy. Kloppuň şägirtleri 2015-nji ýyldan bäri “Nýukasldan” “Premier Ligada” utulanok.
Duşuşykda het-trigiň etmegiň bosagasynda gaýdan Salah 2 gol, 1 asist bilen çykyş edip, oýnuň ýyldyzy boldy. Salah “Premier Ligada” bir klubda 150 gol geçiren 5-nji futbolçy hökmünde hasaba alyndy.