Tebigy täsinlik
Tebigatyň täsin gözellikleriniň biri bolan Spoetted köli tomus aýlarynda suwunyň bugaryp azalmagy bilen özboluşly görnüşe eýe bolýar. Her ýyl millionlarça syýahatçyny özüne çekýän bu köl tomus paslynyň gelmegi bilen tebigatdaky wizual tomaşalaryň birine öwrülýär.
Gyşda we ýazda adaty suw howdany hökmünde görünýän bu ýer howanyň temperaturasy ýokarlananda, ýagny howa gyzyp ugranda 365 sany tegelek we kiçijik köle bölünýär. Kanadanyň Britaniýa Kolumbiýasynda ýerleşýän menege meňzeş köller ýokary mineral düzümi sebäpli dürli reňkde öwşün atýar. Köpçüligiň arasynda «Tegmilli köl, tegelek köl» ady bilen tanalýan bu kölleriň düzüminde magniý sulfaty, natriý sulfaty, kümüş we titan ýaly minerallar saklanýar. Gün şöhlesiniň düşüş derejesine görä, ýaşyl, gök, sary we ak reňkde öwşün atýan tegelek köller okanagan halky üçin mukaddes ýer hasaplanypdyr. Taryhy maglumatlara görä, bu taýpanyň agzalary kölüň suwuny bejergi hökmünde, ýagny ýarany, bogun we myşsa agyrylaryny bejermekde ulanypdyrlar. Häzirki wagtda hem ýerli ilat bu dessury dowam etdirýär.
2001-nji ýylda Spoetted köli we daş-töweregi Kanadanyň Hökümeti tarapyndan goralýan ýer hökmünde yglan edildi. Sebitiň ekologik deňagramlylygyny we ýerli halkyň medeni mirasyny gorap saklamak maksady bilen, kölüň içine girmek we töwereginde gezmek gadagan edildi. Myhmanlar 22 gektar meýdany tutýan bu täsin gözelligi diňe awtoulag ýolunyň ugrunda ýerleşýän meýdançada synlap ýa-da surata düşürip bilýärler.
PDF








