Şweýsariýanyň Goranmak, jemgyýetçilik goragy we sport departamentiniň başlygy, 61 ýaşly Wiola Amherd 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bir ýyllap Şweýsariýanyň Prezidenti boldy. Bu barada “Ýewropa hakykaty” habar berdi. Şweýsariýanyň Goranmak ministrligine ýolbaşçylyk eden ilkinji zenan Amherd, 2023-nji ýyla çenli bu wezipäni eýelän Prezident Alen Berseniň ýerine geçdi.
Ýurtlaryň köpüsinden tapawutlylykda, Şweýsariýanyň Prezidentiniň hakyky ygtyýarlyklary ýok – olar tutuş ýurduň adyndan köpçülikleýin edaralar, Federal geňeş (hökümete meňzeş) tarapyndan amala aşyrylýar. Olaryň her ýedi agzasynyň biri diňe bir ýyl möhlet bilen çalyşyk esasynda Prezident bolup bilýär.
Parlamentiň iki palatasynyň ýapyk mejlisinde Şweýsariýanyň Federal geňeşiniň agzalary hem-de Prezident saýlanýar, ýöne aslynda bu diňe prosessual ädim bolup, oňa çenli eýýäm kimiň haýsy wezipäni eýelejekdigi bellidir.
Prezident Şweýsariýanyň daşary ýurtlarda resmi wekilçiliginden başga-da, Federal geňeşiň mejlislerine ýolbaşçylyk edýär we jedeller ýüze çykan halatynda araçy hökmünde çykyş edýär. Adatdan daşary ýagdaýlarda – mysal üçin, Federal geňeş belli bir sebäplere görä ýygnanyp bilmese – Şweýsariýanyň Prezidenti birtaraplaýyn kararlar berip ýa-da gyssagly çäreleri görüp biler.
Şweýsariýanyň habar beriş serişdeleri Wiola Amherdiň Şweýsariýanyň fransuz dilli ikinji Prezidentidigini we nemes dilli kantondan gelip çykmadyk dördünji Prezidentdigini bellediler. Habar berlişi ýaly Alen Berse geçen ýyl Şweýsariýanyň Federal geňeşinden çekilmek kararyna geldi, şonuň üçin dekabr aýynda onuň ýerine onuň partiýadaşy Sosial-demokrat Beat Ýans saýlandy.
Geçen oktýabr aýynda Şweýsariýada geçirilen soňky parlament saýlawlarynda sagçy populist Şweýsariýa Halk Partiýasy (SVP) ýeňiş gazandy, bu bolsa syýasy güýçleriň taryhynda iň gowy netijeleri görkezdi.