2024-nji ýylda dünýäniň jemi içerki önümiň 54%-ini eýeleýän we Ýer ýüzüniň ilatynyň ýarysynyň ýaşaýan 50-den gowrak ýurdunda Prezident we parlament saýlawlary geçiriler. Iň uly saýlawlar Hindistanda geçiriler. 2022-nji ýylyň ahyryndaky maglumatlara görä, ýurtda 945 million saýlawçy bardy. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Hindistanyň ilaty Hytaýdan öňe geçip, dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolupdy. 2022-nji ýylyň jemleri boýunça Hindistanyň jemi içerki önümi 3,4 trillion dollara deň boldy.
Ykdysady we demografik nukdaýnazardan iň kiçi saýlawlar Tuwaluda geçiriler. 2022-nji ýyldaky maglumatlara görä, ýurtda bary-ýogy 11 müňden gowrak ilat ýaşaýar we jemi içerki önümi 59 million dollara deň.
Hindistandan başga-da, BRICS-iň ýene üç ýurdunda şu ýyl saýlawlar meýilleşdirilýär: Russiýa, Günorta Afrika we Eýran. Umuman alanyňda, bu ýurtlarda 3,3 trillion dollarlyk (global jemi içerki önümiň 3%) harytlar we hyzmatlar öndürýän 293 million adam ýaşaýar.
Ýewropa Parlamentiniň täze agzalaryna iýun aýyndaky ses berişlik 447 million ilaty we jemi içerki önümi 16,7 trillion dollar bolan 27 ýurdy birleşdirer. Şeýle hem, birnäçe döwletde Prezident ýa-da parlament saýlawlary geçiriler. Olaryň arasynda Awstriýa, Belgiýa, Litwa, Slowakiýa, Portugaliýa, Rumyniýa, Horwatiýa we Finlýandiýa bar.
Dünýäniň iň uly ykdysadyýetine eýe bolan ýurtlarda hem saýlawlar geçiriler. Olaryň hatarynda ABŞ, Koreýa Respublikasy, Meksika we Indoneziýa bar. Olaryň jemi içerki önümi degişlilikde 1,7 trillion, 1,5 trillion, 1,3 trillion dollar.