Hytaýyň BYD kompaniýasynyň geçen ýylky maliýe maglumatlary ýaýradyldy. Elektroulag önümçiligi bilen meşgullanýan kompaniýa 2023-nji ýylyň soňky çärýeginde amerikan bäsdeşi “Tesla”-dan has köp ulag satypdyr. Ýylyň dowamynda bolsa “Tesla” bu ugurda birinjiligini saklap galypdyr. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, ýakyn geljekde BYD dünýäde birinji orna çykar.
Hytaý kompaniýasy geçen ýylyň soňky üç aýynda 526 müňden gowrak ulag satypdyr. Ýylyň soňky aýynda bolsa kompaniýanyň satuwy 70 göterim artypdyr. Ýylyň dowamynda bolsa jemi 3 million ulag satyp, olaryň 1,6 millionyny diňe elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar emele getiripdir.
Dünýäniň iň uly elektroulag öndürijisi “Tesla” geçen ýylyň soňky çärýeginde 483 müň ulag satypdyr. Ýylyň dowamynda bolsa, 1,8 milliondan ýokary bolupdyr. Şeýlelikde, BYD umumy awtoulag satuwynda “Tesla”-dan öňe geçipdir, elektroulag satuwynda bolsa onuň yzyndan golaýlapdyr.
1995-nji ýylda zarýad berip bolýan batareýa önümçiligini ýola goýan BYD häzirki wagtda Hytaý, ABŞ, Kanada, Ýaponiýa, Braziliýa, Wengriýa we Hindistan ýaly senagat taýdan öňdebaryjy ýurtlarda 30-dan gowrak önümçilik desgasynda awtoulag, demir ýol ulagy, elektronika ýaly pudaklarda iş alyp barýar.

Mergen Oraznyýazow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.