Tamamlanan ýylda nebitiň bahasynyň önümçiligiň azaldylandygyna garamazdan, 10 göterim pese gaçypdyr. Brent nebitiniň barreliniň bahasy ýylyň soňky iş gününi 77,04 dollar bilen, WTI çig nebiti 71,65 dollar bilen ýapypdyr. Şeýlelikde, nebitiň bu iki görnüşiniň hem bahasy soňky üç ýyldaky iň pes dereje bolupdyr.
Geçen ýylyň ilkinji iş gününde Brent nebiti 85,96 dollardan açylypdyr. Şeýlelikde, nebitiň bu görnüşi ýylyň başyndan ahyryna çenli 10,6 göterim peselipdir. Nebitiň Günbatar Tehas görnüşi (WTI) bolsa ýylyň başynda 80,57 dollar bolan bolsa, ýylyň soňky güni 11,2 peselip, 71,65 dollar bolupdyr.
Bilermenler 2023-nji ýylda ABŞ we Hytaý ýaly iri ykdysadyýetleriň ösüşi bilen bagly oňaýsyzlyklara garaşylmagynyň ýylyň dowamynda nebitiň bahasyna täsir edendigini belleýärler.
Russiýanyň nebitiň önümçiligini azaltmagynyň, Hytaýda 2 ýyl dowam eden “COVID-19” çäklendirmeleriniň tapgyrlaýyn aradan aýrylmagynyň hem nebitiň bahasynyň artmagyna täsir edip bilmedi.
Geçen ýylyň 20-nji martynda Brent nebitiniň bahasy 70,06 dollara, WTI nebitiniň bahasy 4-nji maýda 63,64 dollara çenli peseldi. Bu bahalar rekord derejede arzan baha hökmünde hasaba alyndy. OPEC+ toparyna agza ýurtlaryň önümçiligi azaltmagy bilen bahalar birneme galan hem bolsa, şol döwürler Brent nebiti 80 dollardan o diýen ýokary geçip bilmedi.
Güýz aýlarynda ABŞ-nyň we Hytaýyň ykdysadyýetleriniň ösýändigi baradaky habarlar nebitiň bahasynyň artmagyna getirdi. 28-nji sentýabrda Brent nebitiniň bahasy 97,69 dollara çenli çykdy, şol gün WTI 95,03 dollar boldy.
Şeýlelikde, ýylyň dowamynda nebitiň bahasy dünýäde ortaça 80 dollar töweregi bahada saklandy. OPEC+ ýurtlary bolsa nebitiň bahasyny kadaly saklamak üçin dürli öňüni alyş çärelerini geçirdi. Geçen ýyl bu ýurtlaryň arasyna Braziliýa hem goşuldy. Afrikanyň ikinji uly nebit öndüriji ýurdy bolan Angola bolsa bu topardan çykdy.