2010-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda dünýäniň iň beýik binasy bolan “Burj Halifa” resmi taýdan açyldy. Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki bu binanyň beýikligi 828 metr bolup, häzirki wagtda hem bu adyny saklaýar. Gökdirän diňe iň beýik bina bolman, diňlerden we beýleki desgalardan hem uzyndyr. Binanyň beýikligi onuň gurluşygy dowam edýän wagty 2009-njy ýylda şol döwrüň iň beýik binasy bolan Taýwandaky “Taipei 101” gökdiräninden geçipdi. Binanyň gurluşygyna 2004-nji ýylda başlanýar. Beýik binanyň daşky diwarlary güýçli ýeliň täsirinden goranmak üçin aýlawly edilip ýasalypdyr.