Her ýylda enjamlarynyň täzelenen görnüşini müşderilerine ýetirýän “Apple” kompaniýasy “Apple Pencil” galamyny gaýtadan çykarmagy meýilleşdirýär. Tehnologiýa ägirdi bu galam üçin täze patent aldy. Patente görä, “Apple Pencil” bir elementiň üstündäki dokumany we reňkini göçürip alyp biler. “Apple Pencil”, galamy ilkinji gezek ilkinji gezek 2015-nji ýylda “iPad Pro”-nyň ýany bilen hödürlenipdi. Bu enjama, esasan hem, dizaýnerler isleg bildirýär. 2018-nji ýylda “Apple Pencil”-iň ikinji nesli peýda bolupdy.
Üçünji nesil “Apple Pencil” bolsa ýagtylyk sensory we tekizligiň ýüzüniň reňkini we gurluşyny göçürmäge kömek etjek ýagtylyk çykaryjyny öz içine alar. Şeýlelikde, “Apple Pencil” arkaly daş-töweregiňizdäki zatlaryň reňklerini göçürip, surat çekende ulanyp bolar.
“Apple Pencil”-iň şu ýyl çykjak “iPad Pro”-nyň ýany bilen hödürlenmegine garaşylýar. Bu planşetiň OLED ekranly ilkinji “iPad” bolmagyna garaşylýar.
“Apple”-iň öňki patentlerine esaslanyp, bu enjamda reňk göçürmekden başga-da, mikrofon we kamera bolar diýlip çaklanylýar.
Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.