Geçen ýyl Hytaýda arassa energiýa önümçiliginde ýokary netije gazandy. Pudaga goýberilýän maýa goýumlaryň netijesinde energiýanyň köp möçberi ýel we Gün beketleri ýaly daşky gurşawa zyýansyz çeşmelerden alynýar. Indi, tehnologiýanyň ösmegi bilen kömür känlerini ýa-da nebit ýataklaryny açmagyň deregine, ýel we Gün beketlerini gurmak maliýe babatda hem arzan düşýär. Hytaýyň Gansu welaýatynda geçen ýyl ýel we Gün beketleriniň önümçilik mukdary 50 gigawatdan geçdi. Welaýat bu babatda tebigy taýdan ýurduň iň amatly mümkinçiliklerini hödürleýän sebiti hasaplanýar. Bu ýerde öndürilýän arassa energiýanyň möçberi umumy energiýanyň 61 göterimini emele getirdi. Gansuda öndürilýän arassa energiýanyň 90 göteriminden gowragy bolsa, ýelden we Günden alynýar. Sebitiň energiýa desgalary ýokary tehnologiýa bilen üpjün edilip, köp mukdarda energiýany saklamaga we gerek bolan wagty ulanmaga hem mümkinçilik berýär.
Aýmyrat Toýjanmyradow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.