Dünýäniň iň uly kompaniýasy bolan “Apple” geçen ýyl bazardan garaşyşy ýaly netije alyp bilmedi. Maglumatlara görä, kompaniýanyň harytlarynyň Hytaýdaky satuwy 30 göterim azalypdyr. Bu pese gaçyşlygyň ýerli kompaniýalar bilen bäsdeşligiň netijesinde şu ýyl hem dowam etmegine garaşylýar. Bilermenler “iPhone 15” smartfonlarynyň garaşylmadyk ýagdaýda az satylýandygyny belleýärler. Ýurtda ýylyň dowamynda “iPhone” satuwy ýyllyk 30 göterim pese gaçypdyr. Munda hytaý kompaniýalarynyň satuwynyň artmagynyň hem täsiri bolupdyr. Mysal üçin, “Huawei” kompaniýasynyň “Mate 60” seriýasyna degişli smartfonlar müşderileriň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Kompaniýanyň birnäçe ýyldan soňra çykaran ilkinji 5G tehnologiýaly smartfony “iPhone 15”-den iki hepde soň satuwa çykaryldy. “Huawei”-iň geçen ýyl 35 milliona golaý smartfon satandygy çaklanylýar. Hytaýdaky satuwyň azalmagy “Apple”-iň umumy satuwyna hem görnetin täsir edýär. Sebäbi, dünýäniň ikinji köp ilatly ýurdy amerikan kompaniýasynyň iň uly bazarlarynyň öňdäki orunlarynda durýar.
“Apple” dünýäniň iň köp smartfon satýan we ondan girdeji gazanýan kompaniýasy bolmagyny dowam etdirse-de, “Huawei” we “Xiaomi” ýaly bäsdeşleri sebäpli satuwynyň azalmagy mümkin.