Dünýäniň önümçilik babatda öňdebaryjy ýurdy hasaplanýan Hytaýda geçen ýyl nebit-gaz önümçiligi rekord derejede köp boldy. Geçen ýyl ýurtda jemi nebit we tebigy gaz önümçiligi 390 milliondan gowrak tonna deňeçer nebit öndürilip rekord dereje ýetipdir. Geçen ýyl ýurduň nebit önümçiligi 208 million tonna ýetipdir. Deňiz ýataklarynda çykarylan nebit umumy önümçiligiň 60 göteriminden gowragyny emele getiripdir. Tebigy gaz önümçiligi bolsa, 230 milliard kub metre ýetip, yzly-yzyna ýedi ýyl, her ýylda 10 milliard kub metrden gowrak artypdyr. Şeýlelikde nebitiň we gazyň umumy önümçiligi 390 million tonna nebite deňeçer bolupdyr.
Hytaýyň milli energiýa edarasynyň wekili Lýu Hon geçen ýylky nebit önümçiliginiň 2022-nji ýyldakydan 3 million tonnadan gowrak artyk bolandygyny mälim etdi. Şeýle hem bu görkezijiniň 2018-nji ýyldakydan 19 million tonna köpdügi habar berildi.