Emeli hemralar arkaly sürüjilere nawigasiýa hyzmatyny hödürleýän “TomTom” kompaniýasy dünýäde ýol hereketiniň iň haýal şäherleriniň sanawyny ýaýratdy. Maglumatlara görä, Angliýanyň paýtagtynda tizlik çäklendirmesi sagatda 32 kilometrdigine garamazdan, köplenç 16 kilometr tizlik bilen hereket edip bolýar. Şäher merkezi 2023-nji ýylda aşa düşük emissiýaly sebit hasaplanypdy. Şäherde 10 kilometr ýoly awtoulag bilen 37 minut 20 sekuntda geçip bolýar. “TomTom”-yň wekili Stefani Leonard Londonyň awtoulag sürmek üçin hakykatdan hem iň haýal şäheridigini belleýär. Sanawda ikinji orny eýeleýän Kanadanyň Toronto şäherinde 10 kilometr ýoly 29 minutda geçip bolýar. Bu görkeziji Milanda (Italiýa) 28 minut 50 sekunt, Limada (Peru) 28 minut 30 sekunt Bangalorda (Hindistan) 28 minut 10 sekunt, Punede (Hindistan) 27 minut 50 sekunt, Buharestde (Rumyniýa) 27 minut 40 sekunt, Manilada (Filippinler) 27 minut 20 sekunt we Brýusselde (Belgiýa) 27 minut.