Geçen ýyl Germaniýanyň tebigy gaz importynyň ozalky ýyldakydan üçden biri ýaly azalandygy mälim edildi. “Bundesnetzagentur” agentliginiň berýän maglumatyna görä, Germaniýanyň daşary ýurtlardan satyn alýan gazynyň möçberi 32,6 göterim azalyp, 968 terawatt/sagat bolupdyr. Tebigy gazyň 43 göterimi Norwegiýadan, 26 göterimi NIderlandlardan we 22 göterimi Belgiýadan import edilipdir. Ýurduň tebigy gaz eksporty hem azalypdyr. Geçen ýyl Germaniýa 187 terawatt/sagat gaz eksport edipdir. 2022-nji ýylda bu görkeziji 499 terawatt/sagat bolupdyr.