12-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň, hususan-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde köptaraply pudaklaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça Maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky 37-nji mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Türkmenistan Arkalaşygyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, bu Geňeşiň işine işjeň gatnaşýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýändigini, Arkalaşygyň pudaklaýyn edaralary bilen gatnaşyklary giňeldýändigini nygtady.