Ahal welaýatynyň häkimligine Bokurdak şäherçesinde umumybilim berýän mekdebi we umumyýaşaýyş jaýyny gurmak barada “Baýly gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan bilim edaralaryny has-da kämilleşdirmek, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimligine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdebiň we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Baýly gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany umumybilim berýän mekdep we umumy ýaşaýyş jaýy üçin daşky eltiji inženerçilik ulgamlaryny çekip bermek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak hem-de umumybilim berýän mekdebi we umumy ýaşaýyş jaýyny 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
***
Döwlet sirklerine, aýry-aýry professional sirk döredijilik toparlaryna “Milli” hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri tassyklanyldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sirk sungatyny has-da kämilleşdirmek, sirkleriň işiniň ösdürilmegini goldamak maksady bilen, şeýle hem “Medeniýet hakynda” we “Sirk we sirk sungaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Döwlet sirklerine, aýry-aýry professional sirk döredijilik toparlaryna “Milli” hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri tassyklanyldy.