15-nji ýanwarda Stambulyň welaýat häkimliginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly Muhammetnur Öwezow bilen Stambulyň Gubernatory Dawut Gülüň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, bilim, medeni-ynsanperwer ugurlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Iki ýurduň şäherleriniň arasynda doganlaşan gatnaşyklary ýola goýmak, şol sanda Arkadag we Stambul şäherleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Bulardan başga-da, söhbetdeşler Stambulda kowçum bolup ýaşaýan türkmenler bilen bilelikde geçiriljek dürli medeni çäreleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen diplomaty ýurdumyzda doganlyk halklaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny has-da ilerletmäge aýratyn üns berilýändigini hem nygtady, şeýle hem duşuşygyň dowamynda M.Öwezow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby bilen tanyşdyrdy.
Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasy babatda hem pikir alşyldy.